Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalary goramak gününde çagalar goralmady


«Şöhle» atly 500 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň dabarasyna gatnaşdyrmak üçin Aşgabat şäheriniň ähli orta mekdepleriniň, şeýle hem Ahal welaýatynyň paýtagta ýakyn etraplarynyň orta mekdepleriniň 6-9-njy klas okuwçylary sürüldi.
«Şöhle» atly 500 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň dabarasyna gatnaşdyrmak üçin Aşgabat şäheriniň ähli orta mekdepleriniň, şeýle hem Ahal welaýatynyň paýtagta ýakyn etraplarynyň orta mekdepleriniň 6-9-njy klas okuwçylary sürüldi.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, 1-nji iýunda Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gökderede «Şöhle» atly 500 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu çagalar sagaldyş merkezi ýerli gurluşykçylar tarapyndan 76 million manada bina edildi.

Berdimuhamedowyň ýurt başyna gelmegi bilen diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurduň beýleki welaýatlarynda-da çagalar sagaldyş merkezleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berlip dur. Hususan-da Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gökderede şeýle binalar toplumy indi barmak basyp sanardan kän.

Çagalar syýasy oýunda

«Şöhle» atly 500 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasy
Galkynyş ideologiýasynyň sakasynda duranlar, umuman alanyňda, öz bähbitleri üçin iň bir kiçijik wakany hem adatdan daşary dabaralandyrmagy başarýarlar. 1-nji iýunda Gökderede açylan «Şöhle» atly çagalar sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasy hem gereginden artyk syýasatlaşdyrylyp, bu çärä ýurduň wise-premýerlerinden başlap, ähli ministrlerdir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, hatda daşary ýurt diplomatlaryna çenli çagyryldy.

Her ýylyň 1-nji iýunyna gabatlanyp, çagalar sagaldyş merkezi ýa bolmasa mekdepdir çagalar bagyny dabaraly açmak indi 2007-nji ýyldan bäri ýoň bolup gelýär. Özi hem şowhuny gaty uludan guralýan şol çärelere her gezek ýurduň baştutanynyň hut özi gatnaşýar. Şeýle etmek bilen Galkynyş ideologiýasynyň sakasynda duranlar «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekany» diýen özboluşly şygary öňe sürüp, ýurtda çagalar babatda döwlet derejesinde, ine, şeýle aladalar edilýär diýen düşünjäni döretmek isleýärler.

Çenden çykylanda...

Ýaş nesil üçin täze sagaldyş merkezleriniň, mekdepdir çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmagy berilmeginiň begendiriji wakadygy hakda gürrüň ýok. Emma käbir meselede çenden çykylsa, ýagşy niýet bilen amala aşyrylýan işlere-de ýigrenç oýandyryp bolýar.

1-nji iýunda Gökderede açylan «Şöhle» atly 500 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň dabarasyna gatnaşdyrmak üçin Aşgabat şäheriniň ähli orta mekdepleriniň, şeýle hem Ahal welaýatynyň paýtagta ýakyn etraplarynyň orta mekdepleriniň 6-9-njy klas okuwçylary sürüldi. (10-njy klas okuwçylary ol gün döwlet ekzamenlerini tabşyrdylar). Mekdep okuwçylary daňdan sagat 4-de Gökderä getirilip, olar diňe günortan sagat bir töwerekleri öýlerine aşmagy başarypdyrlar.

Dabara gatnaşan mekdep okuwçylarynyň aýtmagyna görä, çagalar prezidentiň geljek ýolunyň ugruna iki hatara setir bolup ençeme sagat sadylla bolup durupdyrlar. Açlykdan, Gün urmadan, ýadawlykdan özünden gidip çaşýan çagalaryň aňyrsy-bärsiniň ýokdugyny ol çärä gatnaşanlar aýdýarlar.

Şeýle ýagdaýlary synlanyňda, «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekany» diýen şygary öňe sürýän ideologlaryň alyp barýan idologiýasynyň hakykata laýyk gelmeýänligine göz ýetirýärsiň.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG