Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda jemgyýetçilik ýerlerinde açlyk çekmek gadagan


Çarşenbe güni Täjigistanyň parlamentiniň aşaky palatasy jemgyýetçilik ýerlerinde we hökümet binalarynyň öňünde açlyk çekip protest geçirmekligi gadagan ediji düzgüni goldap ses berdi.

Bu kabul edilen düzgün Täjigistanyň «Ýygnaklar, demonstrasiýalar we parahatçylykly ýörişler baradaky» kanunyna hem-de «Administratiw kodeksine» üýtgetmeler girizmek boýunça aşaky palatanyň kabul eden ençeme düzgünlerinden biridir.

Käbir deputatlar 1990-njy ýyllaryň başlarynda bikanun demonstrasiýalaryň Täjigistanda graždanlyk urşuna alyp gelendigini aýdyp, ýygnaklara we demonstrasiýalara girizilen bu soňky çäklendirmeleri hem şeýle howplaryň öňüni almak maksady bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG