Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti ýerli žurnalistleri öýüne salmady


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç öz beren wadalaryna garamazdan, duşenbe güni ýerli žurnalistleriň prezidentiň ýaşaýyş rezidensiýasyna girmeklerine rugsat bermedi.

Duşenbe güni Ukrainada žurnalistler güni bellenilip geçildi. Dogry bir ýyl mundan ozal prezident Wiktor Ýanukowiç ýene bir ýyldan žurnalistlere öz ýaşýyş rezidensiýasyna girmäge hem-de özüniň we maşgala agzalarynyň ýaşaýşy bilen ýakyndan tanyşmaga rugsat berjekdigini aýdypdy.

Emma bir hepde mundan ozal prezident administrasiýasynyň resmileri žurnalistlere prezidentiň ýaşaýyş rezidensiýasyna girmäge rugsat berilmejekdigini mälim etdiler.

Duşenbe güni 60 töweregi žurnalist Wiktor Ýanukowiçiň rezidensiýasynyň öňüne ýygnanyp, onuň öz beren wadasynda tapylmaýandygyna protest bildirdiler.
XS
SM
MD
LG