Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň “Regnum” habar gullugy türkmen DIM-ne “gorkak” diýýär


Orsýetiň “Regnum” federal habar gullugy Türkmenistanyň hökümetini gorkaklykda we ikiýüzlülikde aýyplaýar.

Türkmenisatanyň Daşary işler ministrligi golaýda ýaýradan beýanatynda “Regnum” habar gullugyny Türkmenistan barada yzygider “aňyrsyna ýetilmedik we nädürs maglumatlary” ýaýratmakda aýyplapdy.

Resmi Aşgabadyň beýanatynda hususan-da “Regnumyň” Türkmenistanda belarus partnýorlary bilen kaliý duzlaryny gazyp almak we işläp bejermek boýunça gurulýan dag-magdan kompleksi barada, haýsydyr bir hökümete ýakyn çeşmä salgylanyp, ýalan we prowakasion maglumat ýaýradandygy aýdylýar.

“Regnum” habar gullugy bu beýanatda “Deutsche Welle: Berdimuhamedowyň puly Lukaşenko Orsýet bilen krizise garşy göreşde kömek eder” diýen at bilen 4-nji iýunda, Günbatar metbugatyndan göçürilip çap edilen habar barada gürrüň edilýändigini aýdýar.

“Regnum” türkmen resmileriniň Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň habar serişdelerini tankytlamakdan gorkup, olaryň ýaýradan habary üçin özleriniň tankytlanmasyny ikiýüzlülik atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG