Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täjik energetika ministrini kabul etdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň energetika we senagat ministri Şeraly Guly kabul etdi.

Duşuşykda taraplar Aşgabatda geçýän türkmen-täjik hökümetara komissiýasynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibindäki meseleler bilen baglanyşykly gürrüň etdiler.

Hususan-da, türkmen prezidenti bilen täjik ministri iki ýurduň söwda-ykdysady, energetika, oba-hojalygy, transport-kommunikasiýa we medeni pudaklardaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.
XS
SM
MD
LG