Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň oppozisiýasyna $1,3 milliard ýardam berler


Penşenbe güni Birleşen Arap Emirliklerinde Liwiýadaky syýasy wakalara bagyşlanylyp geçirilen halkara maslahatynda Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşine 1,3 milliard dollar ýardam bermek barada karar kabul edildi.

Abu-Dabide geçirilen bu maslahata Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Awstraliýanyň resmileri, şeýle hem käbir arap ýurtlarynyň, şol sanda, Kataryň, Kuweýtiň we Iordanyň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşan Awstraliýanyň daşary işler ministri Kewin Rudd bu maslahatyň esasy maksady barada şeýle diýdi: "Daşary işler ministrleriniň bu toparynyň arasynda göze ilýän esasy garaýyş Muammar Kaddafiniň gününiň sanalgydygy baradaky garaýyşdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagt Liwiýada Kaddafiden soň emele geljek ýagdaýlara taýýarlyk görmek babatda halkara jemgyýetçiliginiň aladalary has artdy" diýip, Kewin Rudd belledi.

Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi şu hepde özüniň tä ölinçä häkimiýet başynda galjakdygyny nygtap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG