Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusda polýak jemgyýetiniň lideri sud edilýär


Şu gün Belarusyň Grodno şäherinde ýerli polýak jemgyýetiniň lideri Andreý Poszobuta garşy prezident Aleksandr Lukaşenkonyň şahsyýetini kemsitmekde bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Andreý Poszobut Polşada çap edilýän «Gazeta Wyborsa» atly gündelik gazetiň habarçysy hökmünde iş alyp barýar.

Ol şu ýylyň aprel aýynda öz ýazan makalalarynda we internetdäki kommentariýalarynda Belarusyň prezidentiniň şahsyýetini kemsidenlikde aýyplanylyp tussag edilipdi.

Oňa garşy başlanan sud prosessi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Belarusyň ilatynyň 4 prosente golaýyny etniki polýaklar ybarat edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG