Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň harbylary demirgazykdaky şähere girdiler


Siriýanyň esgerleri we harby tehnikalary ýurduň demirgazygynda nobatdaky şähere girdiler. Ýurduň telewideniýesi esgerleriň Maarat al-Numan şäherine girip baryşlaryny gökezdi.

Şeýle-de harbylaryň ýurduň Han Şeýhun şäheriniň golaýynda görnendikleri barada habar berilýär.

Häzire çenli bu wakalar bilen baglanyşykly heläkçilikler barada maglumat gowuşmady.

Bir hepde mundan ozal hökümetiň Idlib welaýatynda başladan harby operasiýasy sebäpli 10,000 töweregi siriýaly Türkiýä gaçdy.

Prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protestler mart aýynyň ortalarynda başlanypdy.
XS
SM
MD
LG