Resmi Aşgabat Orsýetiň MTS aragatnaşyk kompaniýasynyň Türkmenistanda çekendigi aýdylýan maliýe ýitgileriniň öwezini dolmakçy däl. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
MTS kompaniýasyna eýeçilik edýän “Sistema” aksioner finans korporasiýasynyň ýolbaşçylaryna salgylanylyp, ýakynda Orsýetiň habar beriş serişdelerinde kompaniýanyň Türkmenistandan öwez tölegine garaşýandygy habar berlipdi.
Türkmenistanyň DIM-niň aýtmagyna görä, MTS bilen 2005-nji ýylda baglaşylan 5 ýyllyk ylalaşyk ýatyrylanda düzgüne laýyklykda hereket edilipdir. Taraplaryň arasyndaky gatnaşygy şol dokument kesgitleýärdi diýip, resmi Aşgabat nygatýar.
Türkmen tarapy ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletini uzaltmazlygynyň mümkindigini öňünden duýdurandygyny aýdýar we özüniň hereketleriniň kanuny däldigi barada aýdylýanlaryň delillere esaslanmaýandygyny belleýär.
“Sistema” aksioner finans korporasiýasynyň we MTS kompaniýasynyň resmileriniň medianyň üsti bilen nädogry maglumatlary ýaýratmagy ters netije berýär we kompaniýanyň abraýyna zeper ýetirýär diýip, resmi Aşgabat duýdurýar.