Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň dördünji tomy çapdan çykdy.
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýlip atlandyrylýan bu kitapda türkmen prezidenti öz ýolbaşçylygy astynda Türkmenistanda «amala aşyryldy» diýilýän özgerişliklere syn berýär.
Türkmenistanyň resmi habar agentligi, aýratynam, bu kitapda 2010-njy ýylyň dowamynda prezidentiň özüniň alyp baran «köptaraplaýyn» işleriniň netijesinde amala aşyrylan belent özgerişlikleriň hronologik taýdan jikme-jik beýan edilýändigini habar berýär.
Türkmenistanyň öz içinde şu çaka çenli häkimiýetleriň alyp barýan syýasaty we amala aşyrýan reformalary barada garaşsyz synlaryň we analizleriň çap edilmegine ýol berilmän gelinýär.
Köp halkara guramalary garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň we häzirki prezidenti G.Berdimuhamedowyň öz ady bilen çap etdiren we çap etdirýän kitaplaryny olaryň öz şahsyýet kultuny berkitmek syýasaty bilen baglanyşdyrýarlar.