Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Öjalan atyşyklaryň bes edilmeginiň möhletini uzaltdy


Kürt pitneçileriniň aýtmaklaryna görä, olaryň tussaglykda saklanýan lideri atyşyklaryň bes edilmeginiň möhletini birnäçe aýa çenli uzaldypdyr.

Abdullah Öjalan özüniň beýanatynda Türkiýäniň täze düzülen parlamentini kürtleriň talaplaryny berjaý etjek Konstitusiýanyň täze görüşini tiz wagtyň içinde düzmäge çagyrdy.

Mundan ozal, Öjalan ýaragly atyşyklaryň bes edilmeginiň möhletiniň 15-nji iýunda tamamlanýandygyny aýdypdy.

Şeýle-de ol, eger türk hökümeti kürtler bilen ylalaşyga gitmese, onda gazaply hereketleri ýola goýjakdygyny duýdurypdyr.

Beýanatda bellenilmegine görä, Öjalan kürt söweşijilerine hüjüm etmäge däl-de, diňe çozulanda özlerini goramaga görkezme beripdir.

Kürt pitneçeleri Türkiýede awtonomiýa gurmak üçin söweşýärler. 1984-nji ýyldan bäri bu konfliktde onlarça müň adam öldi.
XS
SM
MD
LG