Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde bolan uçar heläkçiliginde 44 adam öldi


Orsýetiň demirgazyk-günbatarynda agyr duman içinde, awariýa gonuşy mahalynda bolan uçar heläkçiliginde 44 ýolagçy öldi, 8 adam ýaralandy. Ýogalanlaryň içinde şwed raýaty hem bar.

Uçarda jemi 43 ýolagçy we 9 sany ekipaž agzasy bar eken.

Ýerli medianyň habaryna görä, Moskwadan gelýän Tu-134 ýolagçy uçary Petrozawodsk aeroportunyň golaýyndaky ýola ýykylyp, ýalna gaplandy.

Orsýetiň transport ministriniň orunbasary Waleriý Okulow: “Häzirilikçe, diňe uçaryň wagtyndan öň gonuşy amala aşyrandygy baradaky netijä gelip bolýar. Bu ir gonuşyň sebäpleri Halkara awiasiýa komiteti tarapyndan derňeler” diýdi.

Uçaryň aeroporta ýetmegine bir kilometr galan eken.
XS
SM
MD
LG