Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kawkazda iki polisiýa işgäri öldürildi, bäşisi ýaralandy


Orsýetiň Içeri işler ministrligi Kawkaz respublikasynda jeňçiler bilen bolan çaknyşykda iki polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, bäşisiniň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.

Ministrligiň Dagystan bölüminiň sözçüsi Wýaçeslaw Gasanow bu çaknyşygyň sişenbe gün Kizliýar sebitinde bolandygyny aýtdy. Ol birnäçe sagat dowam eden atyşykda bir jeňçiniň hem öldürilendigini aýtdy.

Çeçenistanda bolan separatistik uruşlardan soň Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda yslam pitneçiliginiň giň ýaýrandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG