Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksikada neşe söwdagärleriniň lideri tussag edildi


Meksikanyň prezidenti Felip Kalderon ýurduň iň uly narko-toparlarynyň biri bolan “La Familianyň” lideri bolmakda gümän edilýän adamyň polisiýa tarapyndan ele geçirilendigini aýtdy.

“Maýmyn” lakamy bilen tanalýan Žoze de Jisus Mendez Wargas sişenbe güni Aguaskalientesde tussag edilipdir.

Prezident Kalderon Mendeziň tussag edilmegini guramaçylykly jenaýata urlan “uly urgy” diýip häsiýetlendirdi.

Resmiler Mendezi tutana 2,5 million dollar möçberinde pul sylagynyň beriljekdigini aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG