Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Terjimeçilik sungaty


Terjimeçiligiň özi bir sungat. Bu işi başarmak üçin dile çeper adamlar gerek. Soňky döwürlerde ýurtda dil öwredýän kurslaryň köpelmegi bilen, Türkmenistanda: «Dünýäniň ähli dillerinden eserleri terjime etmäge biziň ýurdumyzda mümkinçilik bar» diýlen gürrüňleri agyz dolduryp aýdýanlar bar.

Eýsem-de bolsa, dil öwrenmek terjimeçilik sungatyndan baş çykarmakmy?!

Türkmen okyjylary dünýä ýazyjylarynyň eserleri bilen sowet döwründen bäri tanyş. Ýöne türkmen okyjylaryna dünýä edebiýatynyň eserleri öňler rus diliniň üsti bilen terjime edilip ýetirilýärdi. Dünýä edebiýatyndan eserleri ilki rus ýazyjylary dürli daşary ýurt dillerinden rus diline terjime edýärdi, soňra türkmen ýazyjylary olary rus dilinden türkmen diline geçirýärdi.

Häzirki wagtda: «Dünýäniň ähli dillerinden eserleri terjime etmäge Türkmenistanda mümkinçilik bar» diýlen sözler nämä daýanylyp dile getirilýär?! Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Türkmenistanda dil öwredýän kurslardan başga-da döwletler arasynda özara ykdysady, medeni, söwda we ş.m. babatda ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol goýulmagynyň netijesinde dünýäniň gaty köp döwletinde türkmen talyplary okadylýar.

Türkmenistanyň Dünýä dilleri institutynda iňlis, rus, arap, pars dillerinden başga-da hytaý, ýapon, koreý dillerine çenli öwredilýär. Hökümet ýaşlara şunça dünýä dilleriniň öwredilýänine begenýär. Bu, elbetde, begenmeli ýagdaý. Ýöne dil öwrenmek başga zat, terjime etmegi başarmak bolsa bütinleý başga zat. Aýratyn-da terjimäni sungat derejesinde dilden-dile geçirmegi juda az adamlar başarýar. Indi beýle adamlar Türkmenistanda galdymyka? Ol ussatlaryň köpüsi aradan çykdy, köpüsi bolsa edebiýat meýdanyndan çetleşdirildi.

Dogrusyny aýtsaň, Türkmen döwlet uniwersitetinde, Dünýä dilleri institutynda arap, pars, iňlis, ýapon, hytaý, koreý, hatda rus dilini-de öwrenýänler bu ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlaryndan soň hem öz öwrenen dillerinde düzüwli gürläbem bilenoklar. Terjime etmeg-ä beýlede dursun. Olaryň köpüsi ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlaryndan soň iňlis, arap, pars, türk dili kurslaryna gatnap, täzeden dil öwrenýärler.

Dil öwrenmek ýeterlik däl

Terjime üçin ene diliňden başga bir dili öwreneniň ýeterlik däl. Terjime üçin iki tarapyň dilini-de deň derejede bilmeli. Terjimeçi aýratyn-da öz ene diline ussat bolmaly. Häzirki ýaşlaryň aglabasy welin türkmen dilinde kadaly sözlem düzmegi başaranoklar. Sebäbi kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçilmegi, ilki başda mugallymlaryň aýlyklarynyň juda az bolanlygy sebäpli, özlerine göwni ýetýän mugallymlaryň mekdepleri taşlap gitmegi, ençeme sowatly mugallymlaryň işden kowulmagy, wagtyň geçmegi bilen öňki tejribeli mugallymlaryň pensiýa gitmegi mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda çem gelen bisowadyň ornaşmagyna getirdi hem-de olaryň eli bilen hem müňlerçe bisowatlar ýetişdirildi. Hatda häzir Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy, žurnalistika fakultetlerini tamamlaýan ýaşlaryň türkmen diliniň grammatikasyny bilmeýşi, kadaly sözlem düzüp bilmeýşi hiç kimi geň galdyrmaýar. Sebäbi bütin ýurt häzirki ýagdaýda ähli pudakda diňe bisowatlaryň armiýasynyň döreýänini bilýär.

Bir dilden ikinji bir dile terjime edilende aýratyn-da göçme manyly söz düzümleri terjimeçi üçin kynçylyk döredýär. «Aşyna awy gatdy», «Gözünde ot ýakdy», «Serçeden gorkan dary ekmez» diýen ýaly göçme manyly söz düzümleri (frazeologizmler) her bir halkda bar. Bu jümleler terjime edilende biriniň aşyna awy sepip duran ýaly, ýa-da kimdir biriniň gözüniň içine odun üýşürip, ot ýakyp duran ýaly edip alyp bolmaýar-a. Olaryň näme many berýänini almaly.

Arap dilinden bir kiçijik hekaýany terjime etmäge synanyşan bir kişi bilen sataşmak maňa miýesser edipdi. Şonda ol «Onuň el-aýaklarynyň bogunlary biri-birinden aýrylypdy» diýip, türmä, oglunyň yzyndan barýan hakdaky sözlemi terjime edipdir. Sözlemiň manysynyň ters alnany görnüp durdy. Ahyry «terjimeçi» mugallymyndan sorap, arap dilini gowy bilýänlerden sorap, ol sözlemiň «essinden aýylyp barýardy» diýen manysynyň bardygyny bilipdir.

Ýene şeýle ýaş terjimeçileriň biri özüniň türk dilinden terjime eden hekaýalarynyň birinde bir ýogalan adam hakdaky jümläni «Onuň maslygyny şol gün ýere gömdüler» diýip alypdyr. Adam hakda gürrüň edilende «merhum, merhumyň jesedi, ony jaýladylar, ýere tabşyrdylar, depin etdiler» diýen ýaly sözleri ulanmaly bolsa-da, ýaş «terjimeçi» ony bilmändir. Şular ýaly nesillerden dünýä edebiýatynyň eserleriniň terjimeçisi çykyp bilse, ol gutlamaly hadysa bolar.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG