Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda tussag edilen demonstrantlaryň aglabasy goýberilýär


Şu gün Belarusyň polisiýasy şu hepdäniň çarşenbe güni Minsk şäherinde prezident A.Lukaşenkonyň režimine garşy demonstrasiýa geçiren wagty tussag edilen 200 töweregi adamdan aglabasyny azatlyga goýberdi.

Belarusyň oppozisiýasynyň internet arkaly ýaýradan çagyryşyna jogap edip, hepdäniň çarşenbe güni 1 müň töweregi protestçi Minsk şäheriniň merkezinde demonstrasiýa gurnady.

Ynsan hukuklaryny goraýjy «Wesna-96» atly gurama şu demonstrasiýa bilen baglanyşykly Minsk şäherinde 220-den gowrak adamyň, ýurduň beýleki şäherlerinde-de onlarça adamyň tussag edilendigini habar beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG