Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýranyň harby güýçleriniň üç komanduýuşisine garşy sanksiýa girizýär


Anna güni Ýewropa Bileleşigi Eýranyň harby güýçleriniň üç sany komanduýuşisine garşy sanksiýalary girizmek barada karar kabul etdi.

Ýewropa Bileleşigi bu sanksiýalaryň olara Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine goldaw berendikleri üçin girizilýändigini aýdýar.

Bu kabul edilen karara laýyklykda Eýranyň harby güýçleriniň baş komanduýuşisi Mohammad Ali Jafarä, Eýranyň «Kuds» atly ýörite güýçleriniň komanduýuşisi Kasem Suleýmanä hem-de bu harby güýçleriň razwedka toparynyň başlygy Hosseýin Taebä Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna girmeklik gadagan edilýär we Bileleşigiň çäklerindäki olaryň ähli bank hasaplary doňdurylýar.
XS
SM
MD
LG