Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky partlamada 60 töweregi adam öldi


Şu gün Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Logar welaýatyndaky keselhananyň ýanynda amala aşyrylan partlamada 60 töweregi adamyň ölüp, 120 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Logar welaýatynyň häkimi Din Muhammad Darwaiş janyndan geçen hüjümçi tarapyndan maşyna ýerleşdirilen bombanyň Azra etrap merkezindäki keselhananyň ýanynda partlandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, partlamada keselhanadaky hassalar bilen birlikde, olaryň ýanyna gelen käbir keseki adamlar hem ejir çekipdirler.
XS
SM
MD
LG