Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bag ýolunda pidalar


Aşgabat, 2011-nji ýyl.
Aşgabat, 2011-nji ýyl.
Türkmen politehniki institutynyň bag otagyndan gelýän talyplaryny getirýän awtobusyň ýük ulagy bilen kakyşandygy bilen bagly waka resmiler tarapyndan köpçülige aýan edilmekden saklanýar. Politehniki institutyň talyplarynyň aýtmagyna görä, 23-nji iýunda ýüz beren bu hadysada awtobusda gelýänler agyr ten şikeslerini alypdyrlar. Bu wakada pida bolanlar barada habar ýok.

Politinstitutyň talyplarynyň agyr jenaýata ýüz urmagy bilen bagly waka bolup geçenden soň, bu institutyň (diňe bir bu institutyň däl, eýsem, beýleki institutlaryň-da) talyplary berk gysyşyň aşagyna salyndy. Her gün irden turup ylgamak, gündeki çärelere, ýygnaklara, bag ekişine, «Saglyk ýoluna» yzygiderli gatnamak talyplaryň aňkasyny aşyrdy. Olar hut harbylaryň saklanyşy ýaly, bek düzgün-nyzamyň aşagyna salyndy. «Saglyk ýolundan» geçmän, gaçyp gaýdanlary üçin birnäçe talybyň okuwdan kowulmagy ýaly wakalar beýlekileriň gözüni gorkuzdy.

Aslynda häzir — iýun aýynda talyplar kitaphanalarda oturyp, kursdan-kursa geçiş ekzamenlerini tabşyrmaly. Ekzamenlerini tamamlanlar öýlerine—tomusky kanikula gidip, dynç almaly. Indiki okuw ýyly üçin bedenlerini berkitmeli. Ýöne olar bu zatlaryň ýerine Eýran bilen Türkmenistany serhetleşdirýän Köpetdagyň etegindäki baýyrlaryň ýüzüne halka erkin dynç aldyrmazlygyň hatyrasyna ekdirilen, gerekmejek baglaryň otagyna äkidilýär.

Bag sebäpli Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetiniň öňki rektory işden kowlansoň, beýleki ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň hem ýüregi gorkuda. Bagyň işini taşlap gaýtmak bolmaýar. Daň atandan gün batýança işlemeli!

Dogrusyny aýtsaň, talyplary şeýdip kösemekden jenaýat işiniň ysy gelýär. Ýöne ol işi ýokary derejeli adamlara kim gozgajak? Jenaýat işini gozgamaly adamlaryň özleri baglary sanap, guran baglar hakda ýokarylara hasabat berip, bagy guradýanlary işden kowdurup durka, bu problemanyň öňüni bilim almaga gelen ýaş ýetginjekler alyp bilermi?!

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG