Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan parlamenti 5 sudýany işden çykarýar


Hepdäniň şenbe güni owgan parlamentiniň deputatlary ýurduň Ýokary sudunyň ýokary derejeli bäş agzasyny işden çykarmak üçin ses berdiler.

Geçen ýylyň sentýabrynda bolan parlament saýlawlarynda edilen gaplyklar bilen bagly 60-dan gowrak kanun çykaryjyny deputatlyk mandatyndan mahrum etmek boýunça Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň permany esasynda ýörite tribunalyň döreljekdigi geçip barýan hepdäniň dowamynda yglan edilipdi.

Ekspertleriň ençemesiniň pikiriçe, ýörite tribunalyň kararyny böwetlemek boýunça Ýokary suduň hiç hili hereket etmändigi üçin deputatlar nägile bolupdyr.
XS
SM
MD
LG