Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelanyň prezidentiniň saglyk ýagdaýy gümürtik


Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawesiň saglyk ýagdaýy gümürtik bolmagynda galýar.

Wenesuelanyň daşary işler ministri Nikolas Madura operasiýadan soň Çawesiň Kubada galýandygyny ýakynda habar beripdi.

Wenesuelanyň wise-prezidenti Elias Haua şenbe güni Çawesiň saglygy baradaky maglumatlary galplaşdyrmakda metbugaty aýyplady hem döwlet baştutanynyň entek uzak wagtlap öz wezipesinde galjakdygyny aýtdy.

56 ýaşly Çawese 10-njy iýulda Kubada operasiýa edildi. Onuň daşary ýurt saparynyň çäginde bu ýere gelendigi habar berildi.

2-nji iýulda Çawes Wenesuelanyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerine özüniň sagalýandygyny mälim etdi. Ýöne soňky iki hepdede ol barada maglumat juda az.

“Twitterdäki” Çawesiň blogy köp wagtlap täzelenmedi.

Şenbe güni Çawesiň gyzynyň we agtygynyň Kuba gelendigi barasynda maglumatlar peýda boldy.
XS
SM
MD
LG