Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýada azyndan 60 protestçi tussag edildi


Malaýziýada gitdigiçe bat alýan oppozision hereketleriň öňüni almak üçin, dynç günleriniň dowamynda azyndan 60 protestçi tussag edildi.

Tussag edilenleriň käbirleri eýýäm azatlyga goýberildi. Emma hökümet oppozisiýany 9-njy iýula planlaşyrdan demonstrasiýasyny geçirmezlige çagyrýar.

Oppozisiýa ýörişleriň üsti bilen ýurdy 54 ýyl bäri dolandyryp gelýän häkimiýetdäki partiýanyň soňlanmagyny, şeýle-de ýurtda syýasatyň has açyk bolmagyny talap edýär.

Premýer-ministr Najib Razak ýekşenbe güni çykyş edip, eger-de kynçylyk döräýse, onda oppozisiýanyň “ jogapkärçilik çekjekdigini” duýdurdy.
XS
SM
MD
LG