Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedwoyň kitaby koreý dilinde çap edildi


Duşenbe güni Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde prezident G.Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň derman otlary» atly kitabynyň koreý dilinde çapdan çykan nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara Türkmenistanyň Medeniýet we teleradiogepleşikler ministrligi hem-de Günorta Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Dabarada çykyş eden türkmenistanly we daşary ýurtly resmiler türkmen prezidentiniň derman otlary baradaky kitabynyň «deňi-taýy bolmadyk» aýratynlyklaryny nygtadylar.

Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistandan kontrakt almak isleýän daşary ýurt biznes kompaniýalarynyň Nyýazowyň «Ruhnama» kitabyny daşary ýurt dillerinde çap etdirmekleri hem ýörgünli bir iş praktikasyna öwrülipdi.

Öz gezeginde ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar şeýle tendensiýalary tankytlap gelipdiler.
XS
SM
MD
LG