Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende harbylar yslamçy söweşijiler bilen çaknyşdy


Ýemende Zinjibar şäheriniň golaýyndaky stadionyň kontrollygy ugrundaky çaknyşykda 26 esger we 17 sany “Al-Kaýda” terror toparyna ilteşikli yslamçy söweşiji öldi.

Oppozisiýanyň aýtmagyna görä, 300-e golaý hökümet esgeri olaryň tarapyna geçipdir. Bu barada hökümet resmilerinden maglumat alyp bolmady.

Ýemende ýurdy 30 ýyl töweregi wagt bäri dolandyryp gelýän prezident Ali Abdullah Salehe garşy protestler ençeme aý bäri dowam edýär.

Şeýle-de ýurduň günortasynda “Al-Kaýda” toparynyň bir bölümi we separatist pitneçileri barha möwç alýar.

Birleşen Ştatlar we Saud Arabystany “Al-Kaýda” toparynyň dörän garma-gürmelikden peýdalanyp, regionda we onuň daşynda hüjümleri amala aşyrmagyndan howatyrlanýarlar.
XS
SM
MD
LG