Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda açlyk çekýän žurnaliste bejergi berilmedi


Penşenbe güni Özbegistandaky senzura garşy protest bildirip, açlyk çekýän iki žurnalistden birine Daşkendiň keselhanasy bejeriş bermekden ýüz öwürdi.

Açlyk çekýän žurnalist Saodat Omonowa düýn aşgazanyndaky agyry sebäpli tiz kömek ulagyny çagyryp, Daşkendiň keselhanasyna baranda, lukmanlar oňa bejeriş bermekden ýüz öwrüpdirler.

Lukmanlar munuň sebäbini Saodat Omonowanyň Daşkent şäherinde registrasiýa edilmändigi bilen düşündiripdirler.

Hepdäniň duşenbe güni, Özbegistanyň media işgärleriniň gününe gabatlap, žurnalistler Saodat Omonowa bilen Malohat Eşonkulowa prezident Islam Karimowyň hökümet binasynyň öňünde açlyk yglan edip, piket geçirmekçi bolanlarynda, olar milisiýa tarapyndan alnyp gidilipdi.

Birneme soňra, Daşkendiň raýon sudy olaryň her birine 1 müň 500 dollar möçberinde jerime salmak barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG