Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Freedom House» guramalar üçin fond döredýär


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy «Freedom House» guramasy dürli ýurtlardaky raýatlaryň hukugyny goraýjy garaşsyz guramalaryň işini goldamak boýunça ýörite halkara fonduny döredýändigini yglan etdi.

“The Embattled NGO Assistance Fund” atly bu ýardam fondy raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça iş alyp barýan aktiwistlere hem-de toparlara ýardam bermek bilen meşgullanar.

Bu fond ençeme halkara guramalaryny öz içine alýan konsorsium tarapyndan dolandarylar. Bu fondy dünýäniň demokratik döwletleriniň on üçüsi maliýe taýdan goldamaklyga razylyk beripdir.

Olaryň hatarynda Çehiýa Respublikasy, Awstraliýa, Kanada, Beýik Britaniýa, Polşa we Litwa ýaly ýurtlar hem bar.
XS
SM
MD
LG