Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilimleriň bahasy ýokarlandy


1-nji iýuldan başlap Türkmenistanda çilimleriň bahasy ýene ýokary galdy. Iki aý mundan öň, ýagny maý aýynda çilimleriň bahasy 50% galan bolsa, onda 1-nji iýuldan başlap temmäki önümleri ýene 50% galdyryldy. Şeýlelikde ýurtda soňky iki aýyň dowamynda çilimiň bahasy 100% ýokarlanyp, olaryň ortaça bahasy 2,5 amerikan dollaryna baryp ýetdi.

Çilimleriň bahasynyň iki aýyň dowamynda 100% ýokarlanmagynyň düýp sebäbi Türkmenistanyň şu ýylyň maýyndan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagyndan ybaratdyr.

BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasy 2003-nji ýylyň maýynda kabul edilip, ol 2005-nji ýylyň fewralyndan güýje giripdi. Häzirki wagta çenli bu Konwensiýa dünýäniň 173 döwleti tarapyndan ratifikasiýalaşdyrylandyr.

Şu ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisi BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmak baradaky karara biragyzdan ylalaşyga gelipdi we özüniň bu Konwensiýa goşulmak baradaky resminamasyny guramanyň Baş sekretaryna iberipdi. Maý aýynda Türkmenistan bu Konwensiýa resmi taýdan birigen hasaplandy.

BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasy adamlaryň temmäki önümlerine bolan isleglerini azaltmagy maksat edinýär. Konwensiýanyň 6-njy maddasynda beýan edilişine görä, temmäki önümlerine salgyt we nyrh babatda çäreleri görmeklik ilat arasynda çilime bolan islegiň kemelmegine ep-esli derejede täsir edýär diýlip bellenilendir.

Çilimkeşlik her ýyl dünýäde 5 milliondan gowrak ynsan ömrüniň tanapynyň üzülmegine sebäp bolýar diýlip hasaplanýar. Eger-de bu meselä düýpli çemeleşilmese, onda 2030-njy ýyla çenli her ýylda dünýäde 8 million ynsanyň çilimkeşlikden öljekdigi barada çaklamalar öňe sürülýär.

2000-nji ýylda Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek barada gadagançylyk girizilipdi. 2007-nji ýylda bolsa temmäki önümi bolan nasy satmak we atmaklyk baradaky gadagançylyk girizilipdi.

Jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek baradaky gadagançylygyň girizilendigine garamazdan, Türkmenistanda soňky on ýylyň dowamynda çilimkeşligiň derejesi pese gaçmady.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG