Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadymy Nusaý galasy


Nusaý şäheri gadymyýetde Mährdad kert welaýatynyň merkezi bolup, soňy bilen ol «Eşkanylar Mährdady» adyny alypdyr. Şäheriň ady soň-soňlar Nusaý diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.
Nusaý şäheri gadymyýetde Mährdad kert welaýatynyň merkezi bolup, soňy bilen ol «Eşkanylar Mährdady» adyny alypdyr. Şäheriň ady soň-soňlar Nusaý diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.
Nusaý gadymyýetde Horasanyň meşhur welaýatlarynyň hem şäherleriniň biri bolupdyr. Onuň adyny Nisa, Nisaýe we Niseýa görnüşlerinde hem tutupdyrlar.

Biziň zamanamyzda Nusaýyň töwereginde Türkmenistanyň merkezi bolan Aşgabat şäheri gurlan. Gadymy welaýat bolan Nusaý Eýran bilen Türkmenistanyň arasyna serhet çekip duran Köpetdagyň demirgazygynda, Garagum çölüniň bolsa günortasynda, Abiwerd (ýa Bawerd) welaýatynyň günbatarynda, gadymy Dehistan bilen Gürgeniň gündogarynda ýerleşýär.

Nusaý şäheri gadymyýetde Mährdad kert welaýatynyň merkezi bolup, soňy bilen ol «Eşkanylar Mährdady» adyny alypdyr. Şäheriň ady soň-soňlar Nusaý diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.

Nusaý şäheriniň weýrançylyklary iki sany ullakan gadymy depe bolup ýatyr. Olaryň biri yslamdan öňki döwre (ýagny, Eşkanylar döwrüne) degişli, beýlekisi bolsa yslamyň gelen döwrüne degişli. Bu agzalýan depeler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinden 2-3 farsah günbatarda, Bagyr obasynyň töwereginde ýerleşýär ( 1 farsah-6 kilometre deň). Nusaý şäherinde arheologik gazyp-agtaryş işleri geçirilende ondan Eşkanylar döwrüne degişli ajaýyp hem meşhur zatlar tapylypdyr. Eýranlylaryň dini kitaby bolan Awestada Nusaý olaryň 16 sany mukaddes saýan ýerleriniň biri — watanlary hökmünde görkezilýär. («Horasan we Mewerennähr hakda söz», sah.—19.)

Ahemeniler döwründe Nusaýda parfiýalylar kowmy ýaşapdyr. Ýöne şeýle-de bolsa, ol ýerler ahamenilere degişli bolupdyr.

Gadymyýetde ýaşap geçen alymlar we biziň döwrümiziň alymlary Nusaý hakda köp ylmy maglumatlary ýazyp, wakalaryň, ýagdaýlaryň üýtgäp durmagynyň netijesinde, bu şäheriň gadymyýetde gaty köp dinastiýalara we patyşalara degişli bolandygy hakdaky faktlary galdyrypdyrlar. Ol maglumatlaryň baryny mysal getirjek bolsaň, ol ýazgylar 30-40 sahypa çenli barjak. Şonuň üçin biz ýazgylardan diňe Nusaý şäheriniň adynyň manysyny tirýän setirleri hem bu şäheriň bir döwürde parfiýalylara hem degişli bolandygyna şaýatlyk edýän jümleleri almagy makul bildim.

Bu ýerde biri-birine ýakyn duran iki sany Nusaý şäheri bolup, olaryň birine «Köne Nusaý», beýlekisine «Täze Nusaý» diýlipdir. Täze Nusaýda tä orta asyrlara çenli (yslam döwrüne çenli) ýaşaýyş dowam edipdir. Emma köne Nusaýda şanyň ýaşaýan ýeri we bir şäher bolupdyr. Bu şäher galalardan, ata-babalaryň öz döwranlarynyň soňuna çenli ýaşan ýerinden, parfiýa patyşalarynyň jaýlanan ýerlerinden ybarat bolupdyr. (Biziň eramyzdan öňki üçünji asyryň başyna çenli). Bu şäherden tapylan küýzeler, palçykdan ýasalan gaplar we olardaky ýazgylar parfiýalylaryň dilinde ýazylypdyr. (Parfiýalylaryň türkmenleriň ata-babalary bolandygyny köp alymlar, taryhy öwrenijiler nygtaýarlar.)

«Nusaý» ady näme many berýär?

«Nusaý» adynyň gelip çykyşy hakda birnäçe pikirler bar. Birnäçe alymlar onuň «Nisaýe» sözüniň iki sözüň goşulmagyndan emele gelendigini nygtap, bu sözüň manysynyň has gadymky sözlüklerden peýdalanyp tirilende — aşak düşüp, arkaýyn ýaşamak manysynyň bardygyny ýazypdyrlar. Ýagny, aşak düşüp, arkaýyn ýaşap bolýan ýer. Nusaý galasynyň dagyň etegindäki baýyrlaryň üstündeligini ýatlalyň.

Alymlaryň ýene bir bölegi «Nusaý» sözüni iki bölege bölýärler: «Ne» ýa-da «niýe» sözüniň «şäher» diýen manysynyň bardygyny aýdýarlar (mysal üçin «Nişapur», «Neşahpur» — Şapuryň şäheri, Şahpuryň şäheri ). «Sa» sözüniň bolsa «Asak» sözüniň gysgaldylan görnüşidigini belleýärler. Şeýle ýagdaýda «Nesa» sözi «Parfiýalylaryň şäheri» diýen manyny berýär. Orta atylýan üçünji pikir hem şu — ikinji pikirde aýdylýan mana gabat gelýär. Horasanda kölege düşýän tarapa «nesar», «näsr» diýipdirler. Günüň şöhlesiniň düşýän tarapyna bolsa «portu» ýa-da «potu» diýipdirler. Şeýle hem Nusaý welaýaty-da, şäheri-de Köpetdagyň demirgazyk-gündogar tarapynda ýerleşensoň, olar Günüň şöhlesiniň düşýän tarapy («portu») bolup durýar. Pars dilinde parfiýalylara «Part» («parti») diýilýär. Bu sözlerden «Günüň düşýän tarapy» diýen many çykýar.

Eýranda hem üç sany Nusaý şäheriniň bardygyny alymlar belläpdirler. Olaryň biri Horasanda, biri Parsda, üçünjisi Kermanda ýerleşipdir. «Eger bu agzalýan Nusaýlar hem dagyň gündogar-demirgazyk tarapynda ýerleşen bolsady, onda olaryň adynyň manysyny hem «Günüň düşýän tarapy» ( ýa-da «Güneş tarapy») diýip, tirip bolardy» diýip, gadymy dünýäni öwreniji alymlar belläpdirler.

Emma taryhçy Ýakut hijriniň altynjy ýüzýyllygynda, miladynyň on ikinji ýüzýyllygynda şeýle ýazgy galdyrypdyr: «Dünýäni basyp alyp gelýän araplaryň Eýrandaky Nusaý galasyna ýeten döwri eken. Galada diňe aýallar galypdyr. Olary geň gören araplar: «Hewela nesaýe» diýipmişler. («Ne beýle köp aýal!») Şu sözden hem Nusaý galasynyň ady galypdyr. («Uly Horasan», sah.—202, «Türküstandaky suwarymly ýerler», sah.— 47.)

Ine, «Nusaý» adynyň gelip çykyşy hakda taryhda şeýle maglumatlar galypdyr.

Häzirki günlerde dünýä medeniýetiniň taryhynda aýratyn orun tutýan Parfiýa döwletiniň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän merkezi bolan Nusaý galasynda diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem dünýäniň birnäçe ýurdundan gelen alymlary tarapyndan dikeldiş işleri alyp barýarlar.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG