Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz žurnalisti Straus-Kanyň üstünden şikaýat etdi


Sişenbe güni fransiýaly ýazyjy aýal Tristan Banon Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygy Dominik Straus-Kanyň sekiz ýyl mundan ozal özüni jynsy taýdan zorlamaga synanyşandygyny aýdyp, Fransiýanyň prokuraturasyna şikaýat etdi.

Indi Dominik Straus-Kana garşy jenaýat işiniň gozgalyp-gozgalmajakdygy prokuraturanyň kararyna bagly bolar.

32 ýaşly ýazyjy Tristan Banon 2003-nji ýylda Dominike Straus-Kanyň Pariždäki kwartirasynda onuň bilen interwýu geçirip durka, onuň özüni jynsy taýdan zorlajak bolandygyny aýdýar.

Şu ýylyň maýynda Nýu-Ýorkdaky bir myhmanhananyň hyzmatçysynyň Dominik Straus-Kana özüni jynsy taýdan zorlajak bolanlykda bildiren aýyplamasyndan soň, Dominik Straus-Kan Halkara pul gaznasynyň başlygy wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Bu aýyplama boýunça derňew işleri henizem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG