Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sürüjileri halkara awtoýaryşyna gatnaşarlar


Türkmen awtoulag ýaryşyjylary “Ýüpek ýoly-2011” atly halkara awtoýaryşyna gatnaşarlar. Bu bäsleşik 9-nji iýulda başlanyp, ol Orsýetiň territoriýasyndan geçer.

Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, bu ýaryşa jemi alty sany türkmen ekipažy gatnaşar. Ekipažlaryň ikisi “Niwa”, biri “Mitsubişi”, galan üçüsi bolsa “Nissan-Patrul” kysymly ulaglarda çykyş ederler.

“Ýüpek ýoly-2011” atly halkara awtoýaryşynyň dabaraly açylyşy Moskwanyň “Gyzyl meýdançasynda” geçiriler.

Ýoluň uzynlygy 4,126 km. bolup, bäsleşik 16-njy iýulda Soçide tamamlanar.
XS
SM
MD
LG