Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi


Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirdi. Onda harby we kanun goraýjy organlaryň şu geçen ýarym ýyldaky işleriniň jemleri jemlendi.

Maslahatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girýän ministrler we beýleki ýokary derejeli resmiler öz dolandyrýan pudaklarynda edilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Bu maslahatyň barşynda prezident Berdimuhamedow ýene-de nobatdaky gezek ýurduň Baş prokurory Ç.Hojamyradowa paýtagtdaky we welaýatlardaky gurluşyk işleriniň barşyna we gurluşyk obýektleriniň hiline hem-de olaryň öz wagtynda tabşyrylyşyna gözegçilik etmeklige tabşyryk berdi.

Mundan daşary, prezident Berdimuhamedow ýurduň prokuratura işgärleriniň çinlerine laýyklykda olara goşmaça hak tölemek barada-da bu maslahatda ýörite karara gol çekdi.
XS
SM
MD
LG