Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak gazetiniň baş redaktory KNB-ni suda berdi


Çarşenbe güni Gazagystanyň «Wzglýad» atly oppozision gazetiniň baş redaktory Igor Winýawskiý özüniň Ýewropadaky bir konferensiýa gitmegine böwet bolandygy üçin ýurduň Milli howpsuzlyk komitetini suda berdi.

Ol 21-nji iýunda KNB-niň serhet gullugynyň hem-de Gollandiýa degişli KLM howa ýollar kompaniýasynyň işgärleriniň özüni Brýussele uçmaly uçardan bikanun düşürendiklerini aýdýar.

Igor Winýawskiniň aýtmagyna görä, ol şol gün Brýusselde Merkezi Aziýadaky korrupsiýa meselesine bagyşlanylyp geçirilýän konferensiýa gatnaşmaly eken.
XS
SM
MD
LG