“Al-Kaýdanyň” söweşijilerini ýeňmek real maksat -diýip, Birleşen Ştatlaryň täze goranmak ministri Leon Panetta ýekşenbe güni öňünden duýdurmazdan Owganystana gelende aýtdy.
Saparyň gün tertibinde owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen gepleşikler geçirmek bar.
Duşuşykda iýul aýynyň ortasynda ýuwaş-ýuwaşdan ýurduň howpsuzlygyna kontrollygy daşary ýurt harbylaryndan ýerli güýçlere geçirip başlamak meselesi maslahatlaşylar.
Panetta 1-nji iýuldan bäri Robert Geýtsiň ornuna Pentagona baştutanlyk edýär.