Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow oppozisiýa wekillerini ýurda çagyrdy


8-nji iýulda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl ýurtda boljak prezident saýlawlaryna gatnaşmaga daşary ýurtlardaky oppozisiýa wekillerini çagyrdy.

“Biz özüni oppozisiýa diýip atlandyrýan toparlar bilen hem hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýäris. Eger oppozisiýa girýän adamlardan kimdir biri öňde durýan prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirse, onda ol, ine, biziň ýurdumyza gelip biler. Men olara Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen deň derejede, deňhukukly esaslarda saýlawlara gatnaşmaga hem mümkinçilikleriň dörediljekdigini doly kepillendirýärin” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Daşary ýurtda döredilen “Respublikan” oppozision partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanyň prezidentiniň bu çagyryşy bilen bagly Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Ýurda oppozisiýanyň liderlerini çagyrmak gowy zat. Ýöne munuň soňy bolmaly. Birijiden, biziň hemmämiz diýen ýaly Türkmenistanyň sudy boýunça uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen adamlar. Şonuň üçin ilki bilen suduň çykaran kararlaryny halkara sudlaşyp, günämiziň ýokdugyny subut edip biljek. Biz häzir gelsek, Türkmenistanyň kanuny boýunça göni türmä gidibermeli. Biz bilen dialoga gidenoklar ahyryn gorkup, "siz halk duşmany, siz terrorist" diýip. Şonuň üçin hakykatdan-da dialoga gitseler, hakykatdygyna bizem ynanyp bileris” diýip, Hanamow aýtdy.

Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, ýurda iki partiýa ýeterlik.

Geçirilen hökümet maslahaty barada Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň çap eden maglumatynda oppozisiýa wekilleriniň prezident saýlawlaryna gatnaşmagy babatda Berdimuhamedowyň aýdanlary habar berilmedi.
XS
SM
MD
LG