Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür protestçileri hökümetiň täze kararlaryndan kanagatlanmaýar


Ýüzlerçe protestçi ýekşenbe güni Müsüriň dürli ýerlerinde protestlerini dowam etdirdi, olar hökümetiň öz goýan talaplaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar.

Suez şäherinde protestçiler Suez kanalyna tarap ýöriş edip, ony böwetläris diýip haýbat atdylar. Olar premýer-ministri we içeri işler ministrini çalşyrmaga çagyrýan şygarlara gygyrdylar.

Premýer-ministr Essam Şaraf şu ýylyň başynda Mubarege garşy bolan gozgalaňda protestçileri öldürmekde aýyplanan polisiýa işgärlerini işden gyraklatmaly eden hem bolsa, protestler dowam edýär.

Gozgalaň wagtynda azyndan 846 adamyň öldürilendigi, alty müňden gowrak adamyň ýaralanandygy, olaryň köpüsiniň ömürlik maýyp bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG