Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň maslahatçysy Ýemeniň prezidenti bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň terrorizme garşy göreş boýunça maslahatçysy Jon Brennan Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh bilen duşuşdy we ony wezipesinden çekilmäge çagyrdy. Bu barada Ak Tamyň beýannamasynda aýdylýar.

Brennan prezident Saleh bilen Saud Arabystanynda duşuşdy. Saleh agyr ýaralanandan bäri Saud Arabystanynda saglygyny bejerdýär.

Waşington Salehiň halkara araçylaryň gatnaşmagynda häkimiýeti geçirmek barada Ýemeniň oppozisiýasy bilen baglaşan ylalaşygyny ýerine ýetirmegini talap edýär. Emma Saleh başda ylalaşsa-da, soňra ony ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdy.

Ýemende Salehiň wezipesinden gitmegini talap edýän köpçülikleýin protestler birnäçe aý bäri dowam edýär. Şol protestlerdäki çaknyşyklarda azyndan 200 adam öldi.
XS
SM
MD
LG