Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti Karzaýyň inisi atylyp öldürildi


Sişenbe güni Owganystanda ýurduň prezidenti Hamid Karzaýyň inisi Kandagar welaýatynda atylyp öldürildi.

Ahmad Wali Karzaý Kandagaryň welaýat geňeşiniň başlygydy.

Bu hüjüm barada Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý şeýle diýdi: “Siziň ähliňiziň eýýäm eşidişiňiz ýaly, meniň inim Ahmad Wali Karzaý öz öýünde şehit boldy. Bu owgan halkynyň durmuşy. Muňa meňzeş heläkçilikler her bir owgan öýünde ýüze çykdy. Biz beýle ýagdaýlaryň soňunyň geljekdigine ynanýarys. Nesip bolsa, ýurtda asudalyk we howpsuzlyk bolar. Mundan soň, hiç bir owgan maşgasy täzeden şeýle agyry we jepa bilen ýüzbe-ýüz bolmaz”.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Ahmad Wali Karzaý Owganystanyň iň kuwwatly hökümet resmileriniň biri hasaplanýardy. Ol korrupsiýa işlerine dahyllylykda hem aýyplanýardy.
XS
SM
MD
LG