Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

20 töweregi türk kompaniýasy Aşgabady suda berýär


Türk kompaniýalarynyň bir bölegi Türkmenistanda alyp baran gurluşyk proýektleri üçin 1 milliard dollar töwereginde tölenmedi diýilýän iş hakyny suduň üsti bilen almak barada doly karara geldiler.

Bu barada 20 töweregi türk kompaniýasynyň metbugat wekili Irfan Dölek aýdýar. Onuň sözüne görä, bergiler boýunça Türkmensitan bilen geçirilýän gepleşikler petige diräpdir.

Dölegiň sözüne salgylanyp, “Associated Press” gullugynyň habar bermegine görä, indi türk kompaniýlary özleriniň arzalaryny Inwestisiýa dawalaryna seredýän halkara merkezine ugratmakçy.
XS
SM
MD
LG