Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mumbaýdaky partlamalarda azyndan 21 adam öldi


Hindistanyň Mumbaý şäherinde bolan aýry-aýry üç partlamada azyndan 21 adam öldi, 100-e golaý adam ýaralandy. Bu barada ýurduň resmileri habar berýärler.

Parlama bolan ýerleriň üçüsi hem uly mähelleli ýerler.

Hindistanyň içeri işler ministri partlamalaryň “terroristler tarapyndan utgaşdyrylan hüjümdigini” aýtdy.

Mumbaýyň polisiýa komissary Arup Patnaik žurnalistleriň öňünde çykyş edip, şeýle diýdi: “Bu örän gynançly waka. Biz bu wakany derňäris, jogapkärler adalatyň öňünde jogap bererler. Emma, başga bir aýtjak zadym, häzir, ilki bilen, özem iň esasy zat, kän goh etmezligi şu telekanaldan, mediadan haýyş edýärin. Bize bu wakadan baş alyp çykmak, derňew işlerini geçirmek, ýagdaýy anyklaşdyrmak boýunça kömek ediň”.

Pakistanyň prezidenti we premýer-ministri haýal etmän partlamalary ýazgardylar. Asif Ali Zardari bilen Yusuf Raza Gilani bilelikde beýanat ýaýradyp, adam ýitgilerine uly gynanç bildirdiler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem çykyş edip, bu hüjümleri ýazgardy we gurnaýjylaryň maksatlarynyň başa barmajakdygyny belledi.

Hindistanyň Mumbaý şäherinde 2008-ji ýylyň noýabr aýynda amala aşyrylan hüjümlerde 166 adam ölüpdi. Şol wakadan soň Pakistan bilen Hindistanyň arasy dartgynlaşypdy.

Hindistanyň öz içinde ýetişen söweşijiler hem ýurtda işjeň hereket edýärler. Olar öňki ýyllarda ýurduň uly şäherlerinde şuňa meňzeş hüjümleri amala aşyrypdylar.
XS
SM
MD
LG