Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti Abadan hadysasy boýunça gynanç bildirdi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Abadan şäherinde bolan adatdan daşary ýagdaý bilen bagly özüniň gynanjyny bildirdi.

“7-nji iýulda Abadan şäherinde bolan pajygaly wakalary Ukrainanyň halky uly gynanç bilen kabul etdi” diýip, Ukrainanyň prezidentiniň edarasynyň resmi beýanatynda bellenýär.

Abadan şäherinde 7-nji iýulda dörän partlamada, resmi maglumata görä, 15 adam ölüpdir. Emma garaşsyz çeşmeler bu wakada ýüzlerçe adam öldi diýýärler.
XS
SM
MD
LG