Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri prezidenti ýurdundaky internet azatlygyny öwdi


Azerbaýjanyň prezidenti ýurtda internete girmek üçin gadagançylygyň ýokdugyny aýdýar. Ilham Aliýew muny hökümetiň metbugat azatlygyny üpjün etmek baradaky aladalary bilen düşündirdi.

Çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ilham Aliýew: “Käbir ýurtlar internete çäklendirmeleri girizýär. Emma Azerbaýjanda internet elýeterli. Bu hem biziň metbugat azatlygyna üns berýändigimizi görkezýär” diýip, çykyş etdi.

Şeýle-de, Azerbaýjanyň prezidenti “bu ugurda kynçylyklary görmek isleýän käbir halkara guramalar internetiň erkin bolmadyk döwletlerine özleriniň rekomendasiýalaryny bersinler” diýip, sözüne goşdy.

Ýakynda “Freedom House” guramasy özüniň ýaýradan hasabatynda Azerbaýjandaky internetiň ýagdaýyny bölekleýin erkin diýip häsiýetlendiripdi.
XS
SM
MD
LG