Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada telefon diňlemäge gatnaşan ýene bir adam tussag edildi


Şu gün Britaniýanyň polisiýasy ýurduň raýatlarynyň telefonlarynyň bikanun diňlenendigi bilen baglanyşykly alyp barýan derňew işleriniň barşynda ýene bir adamy tussag etdi.

Polisiýanyň resmileri bu tussag edilen adamyň telefon signallaryny tutmak işine gatnaşanlykda aýyplanýandygyny aýdýarlar.

Munuň özi bu gürrüňi edilýän mesele bilen baglanyşykly Britaniýada tussag edilen dokuzynjy adamdyr.

Geçen hepde Britaniýada iň köp okalýan «News of the World» gazeti şu wakalar bilen baglylykda öz işini bes edipdi. Bu gazetiň birnäçe işgäri raýatlaryň telefonlaryny bikanun diňlemekde aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG