Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-gazak hökümetara komissiýasynyň maslahaty boldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň «Awaza» turistik zonasynda türkmen-gazak hökümetara komissiýasynyň nobatdaky dördünji maslahaty açyldy.

Iki gün dowam eden bu maslahata Türkmenistanyň we Gazagystanyň käbir ministrlikleriniň hem-de iri pudaklarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatda iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň käbir ugurlary, aýratynam, «Demirgazyk-Günorta» demirýol proýektini amala aşyrmaklygyň praktiki taraplary barada özara pikir alşylandygy habar berilýär.

Türkmen-gazak hökümetara komissiýasynyň bu maslahaty anna güni hem dowam etdi.
XS
SM
MD
LG