Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«News International» korporasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekildi


Britaniýada iş alyp barýan habar korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Rebekah Bruks bu korporasiýa raýatlaryň telefonlaryny diňlemekde bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Onuň ýolbaşçylyk eden «News International» habar korporasiýasy ýurtdaky iň bir meşhur «Times of London» we «Sun» ýaly gazetleri, şeýle hem «Sky News» telekanalyny öz içine alýar.

Ýakynda bu korporasiýanyň düzümine girýän žurnalistleriň birnäçesi ýurduň raýatlarynyň telefonlaryny bikanun ýollar arkaly diňlemeklikde aýyplanyp, tussag edildi. Hut şol wakanyň netijesinde-de, Britaniýadaky iň köp tiražly gazet hasaplanylýan «News of the World» gazeti ýapyldy.
XS
SM
MD
LG