Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada “uly terroristik hüjümiň” öňi alnypdyr


Orsýetiň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň aýtmagyna görä, Moskwada “uly terroristik hüjümi” amala aşyrmagy planlaşdyrmakda gümän edilýän dört sany demirgazyk kawkazly adam tussag edilipdir.

Bu barada Federal hopwsuzlyk gullugynyň direktory Aleksandr Bortnikow prezident Dmitriý Medwedewe hasabat berdi.

“Birnäçe gün mundan ozal, biz Moskwa regionunda amala aşyrylmagy planlaşdyrylan uly terroristik hüjümiň öňüni aldyk” diýip, Bortnikow aýtdy.

Bortnikowyň sözlerine görä, tussag edilenler “adamlaryň köp üýşen ýerlerinde we transport infrostrukturalarynda” hüjümleri amala aşyrmagy göz öňünde tutupdyrlar.

Olaryň ýanynda öý şertlerinde ýasalan partlaýjy serişdeleriň we beýleki ýaraglaryň tapylandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG