Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Eýranyň neşe gaçakçylygyna garşy göreşini öwýär


BMG-niň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň başlygy Tähranyň neşe gaçakçylygyna garşy göreşi barada gepleşmek üçin Eýrana geldi.

Ýuriý Fedotowyň üç günlük saparynda prezident Mahmud Ahmedinejad we beýleki uly resmiler bilen duşuşyk, Owganystan we Pakistan bilen araçäkdeş ýerlere baryp görmek palanlaşdyrylýar.

Fedotowyň beýanatynda Eýranyň bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreşde dünýäde iň bir berk göreş alyp barýan döwletleriň biridigi bellenýär. Ol Eýranyň bu ugurdaky tagallarynyň we oňyn tejribesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmelidigini aýdýar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Eýran gaçak ýollar bilen geçirilýän tirýekdir geroini tutup saklamakda dünýäde iň ýokary derejelerde durýar.
XS
SM
MD
LG