Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran urany baýlaşdyrmak işini güýçlendirýär


Eýran özüniň ýadro obýektlerinde urany baýlaşdyrmak üçin täze sentrfugalaryň goýlandygy barada habar berýär.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbgugat wekili Ramin Mehmanparastyň aýtmagyna görä, täze sentrfugalar öňkilere görä “has çalt we ýokary derejede” işleýär.

Fransiýanyň daşary işler ministr Eýranyň beýanatyny “nobatdaky prowokasiýa” diýip atlandyrdy we muny ýazgardy.

Geçen aý Tähran, özüne garşy girizilen halkara sanksiýalaryna garamazdan, özüniň baýlaşdyrylan uranyň önümçiligini artdyrýandygyny mälim edipdi.

Eýranyň nygtamagyna görä, onuň alyp barýan bu programmasy diňe parahatçylyk maksatlary üçin niýetlenendir. Emma Günbatar Tähranyň ýadro ýaragyny döretmek boýunça iş alyp barýanlygyndan howatyrlanýar.
XS
SM
MD
LG