Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Putine berilmeli sylagyň goýbolsun edilmegini "gorkaklyk" atlandyrýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew premýer-ministr Wladimir Putine berilmeli edilen german demokratiýa baýragynyň goýbolsun edilmegini «gorkaklyk» alamaty diýip tankyt etdi.

Kwadriga baýragyny berýän hususy fond şu aý Putini ýylyň ýeňijisi diýip seçdi.

Şenbe güni baýragyň guramaçylary özleriniň bu karar sebäpli ummasyz kän basyşa sezewar bolandyklaryny we bu ýylyň baýrak gowşuryş dabarasyny goýbolsun edendiklerini aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, bu baýragyň öňki eýeleriniň biri, ozalky çeh prezidenti tanymal dissident Waslaw Hawel hem, eger Putine bu baýrak berilse, öz baýragyny yzyna tabşyrjagyny aýdypdyr.

Medwedew Hanowerde german kansleri Angela Merkel bilen duşuşygyndan soň, Putine berilmeli baýragyň goýbolsun edilmegini gorkaklyk we gowşaklyk atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG