Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Atlantis” şattly özüniň soňky uçuşyndan ýere gondy


Penşenbe güni “Atlantis” kosmos şattly özüniň iň soňky uçuşyndan ýere gondy. Şeýlelikde, 30 ýyllyk kosmos şattlynyň döwri tamamlandy.

“Atlantisiň” we bortundaky dört kosmonawtyň ýere gonuşyny görmek üçin ýüzlerçe adam Floridada ýerleşýän “Kennedi” kosmos merkezinde ýygnandy.

“Atlantisiň” komandiri Kris Ferguson şeýle diýdi: "Hýuston, missiýa tamamlandy. 30 ýyllap dünýä hyzmat edenden soň, kosmos şattly taryhda öz mynasyp ornuny gazandy. Indi ol özüniň ahyrky duralgasyna geldi".

Geljek ýyllarda Halkara kosmos stansiýasyna uçuşlar Orsýetiň “Soýuz” gämileri arkaly amala aşyrylar.
XS
SM
MD
LG