Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Türkmenistandan Hindistana çekiljek gaz geçirijisini öwýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Nýu Delide Türkmenistandan Hindistana çekilmegi teklip edilýän gaz geçirijisi täze Ýüpek ýolunyň bir bölegini düzüp biler diýdi.

Klinton Aziýa ýurtlarynyň liderlerini ykdysady we tranzit baglanyşyklarynyň transmilli shemalarynyň “täze Ýüpek ýoluny döretmek” üçin bilelikde işlemäge çagyrdy.

“Bu köp demir ýol ulgamlaryny, uly gatnaw ýollaryny, Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana çekilmekçi tebigy gaz geçirijisi ýaly energiýa infrastrakturasyny aňladýar” diýip, Klinton aýtdy.
XS
SM
MD
LG